Azerbaýjan Türkmenistana hem-de Şweýsariýa çaýyň eksportyny gaýtadan ýola goýdy. Bu barada çarşenbe güni «Report.az» tarapyndan habar berildi. Ýadymyzda bolsa, Azerbaýjan 2023-nji ýylyň başyndan bäri çaýyň eksportyny artdyryp ugrady. Azerbaýjan şu ýylyň ýanwar aýynda bahasy 613,27 müň amerikan dollaryna barabar bolan 70,62 tonna çaý eksport etdi. Ozal habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň Milli saglygy goraýyş institutynyň alymlary çaýyň ynsan ömrüni uzaldýandygyny anykladylar. Öň Azerbaýjanyň türkmen gazynyň importyny iki esse artdyrandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir