Britaniýada näbelli adamlar Robin Guduň agajyny – ýurduň iň meşhur we köp surata düşürilýän daragtyny çapdylar. Bu barada Nortumberlend milli seýilgähiniň resmi saýtyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Habarda agajyň gije ýykylandygyny we onuň bilkastlaýyn çapylandygy aýdylýar. Häzir graflygyň polisiýasy bu jenaýat boýunça derňew işlerine başlady. Birnäçe ýüz ýaşly agaç «Robin Gud: ogrularyň şazadasy» atly başdangeçirmeler filminde görkezilenden soňra meşhurlyk gazandy. Rowaýata görä, Robin Guduň süreni Şerwud tokaýyndaky dub agaçlarynyň birinde ýerleşipdir. Çapylan dub agajy 2016-njy ýylda «Ýylyň daragty» diýen ada mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir