2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine gönükdirilen umumy karzlaryň göwrümi 17,2 milliard manatdan 106 milliard manada çenli ýokarlandy. Onuň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 60 göterime deň boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Bu karz serişdeleri ykdysadyýetde täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge, ýurduň ykdysady we azyk howpsuzlygynyň aýrylmaz bölegi bolan oba hojalyk pudaklarynyň, hususy bölegiň ukybyny artdyrmaga gönükdirildi. Bulardan başga-da, ýurduň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işlere daşary ýurt maliýe guramalary işjeň çekilýär diýlip, degişli makalada bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir