Türkmenistanda himiýa senagatynyň ösüşi Garabogazdaky, Tejendäki we Marydaky karbamid zawodlarynyň, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän, Gyýanlydaky polimer zawodlarynyň netijeli işleri bilen bagly boldy. Azotly, fosforly we kaliý dökünleriniň önümçilikleriniň ösdürilmegi üçin degişli işler alnyp barlyp, 32 ýylyň dowamynda mineral dökünleriň öndürilişi 4,4 esse köpeldi. Gymmatly himiýa çig maly bolan ýoduň öndürilişi soňky ýyllarda has artdyrylyp, 2022-nji ýylda 763,2 tonna ýetdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Ýeňil senagaty gaýtadan işleýän senagatyň esasy düzüm bölegi bolup, sebitleriň iş üpjünçiligini üpjün edýän durmuş ähmiýetli kärhanalary özünde jemleýär. Döwrebap dokma senagaty kemala geldi. Bu pudakda 2022-nji ýylda 121,5 müň tonna nah ýüplük, 226,0 million inedördül metr nah mata öndürilip, olaryň möçberi 1991-nji ýyl bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 24,7 esse we 7,7 esse köpeldi. Bu bolsa senagat önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, onuň düzüminiň kämilleşdirilmeginiň esasynda gazanylýar diýlip, degişli makalada bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir