Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda sement öndürilişi görnetin artdy. Şoňa laýýklykda, Türkmenistanda gurluşyk pudagy ýokary depginlerde ösýän pudaklaryň hataryna degişlidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat, durmuş-medeni maksatly desgalary, döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Gurluşygyň işleriniň möçberiniň artmagy gurluşyk materiallary senagatynyň çalt depginde ösdürilmegini talap edýär. 2022-nji ýylda 2,9 million tonna sement öndürildi. Munuň özi 1991-nji ýyldakydan 3,2 esse köpdür diýlip «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir