Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň iň möhüm, eksport ugurly pudaklarynyň biri nebitgaz pudagydyr. 32 ýylyň dowamynda suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 11,7 esse köpeldi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Gaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegini dowam etdirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we gazyň eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär. Ýurduň elektrik energetikasy pudagynda-da uly möçberli işler amala aşyryldy. Elektrik energiýasyny köp talap edýän senagat pudaklaryny we ilaty üpjün etmek, daşary ýurtlara eksport artdyrmak maksady bilen, döwlet elektrik stansiýalarynyň we elektrik ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak işleri alnyp barylýar. 2022-nji ýylda 32,6 milliard kWt sagat energiýasy öndürilip, 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,2 esse ýokarlandy. Şol sanda eksportyň möçberi yzygiderli artýar diýlip, degişli makalada bellenilýär.