Hindistanyň «Çandraýan-3» missiýasynyň çäginde awgust aýynda Aýa düşürilen lunahody we gonuş moduly hünärmenleriň olar bilen aragatnaşygy dikeltmek üçin eden synanyşyklaryna heniz jogap bermedi. Bu barada Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) habar berdi. «Wikram» gonuş moduly we «Pragýan» lunahody bilen, olar uky režiminden çykandan soň, aragatnaşygy ýola goýmak üçin synanyşyk edilýär. Häzirlikçe olardan hiç hili yşarat alynmady. Aragatnaşygy dikeltmek üçin synanyşyklar dowam eder" – diýip, ISRO-nyň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky habarynda aýdylýar. Enjamlaryň ikisi-de synag üçin bellenen Aý gününi (14 Ýer güni) işlänsoň, "Wikram" we "Pragýan" sentýabryň başynda uky režimine girizildi. ISRO soňra Ýeriň tebigy hemrasynda täze gündiz sagadynyň başlamagy bilen, olary gaýtadan işletmäge synanyşjakdyklaryny aýdypdy. Şol bir wagtyň özünde hindi habar beriş serişdeleri olary täzeden işletmek ähtimallygynyň juda pesdigini, çünki “Wikram” bilen “Pragýany” juda pes temperaturaly Aý gijesinden soň işletmegiň owalbaşdan göz öňüne tutulmandygyny bellediler.