Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda açyk howanyň bolmagyna garaşylýar. Ýöne sebitleriň käbirinde az-kem ýagyş ýagar, howa gijelerine +10 gradusa çenli peseler. Howanyň ortaça temperaturasy +29 gradus bolar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup az-kem ýagyş ýagar. Howa gijelerine +10... +12 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +26 gradusdan +27... +29 gradus aralygynda maýyl bolar. Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar.Howa gijelerine +9... +14 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21...+26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl bolar. Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +15... +23 gradus aralygynda, gündizlerine +26... +31 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +23... +28 gradus maýyl bolar. Mary welaýatynda az-kem bulut ly howa bolup, howa gijelerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda, gündizlerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar. Lebap welaýatynda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gijelerine +8... +13 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda, gündizlerine +21... +26 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup. Howa gijelerine +7... +12 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda, gündizlerine +20... +25 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir