«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski klub üçin oýnalan ilkinji 50 oýnunda 35 gol geçirdi. Bu şu asyrda kataloniýaly oýunçylaryň arasynda gazanylan rekord netije. Ikinji orunda 50 oýunda 33 gol geçiren kamerunly Samuel Eto'o ýerleşýär. Polýak oýunçysy bu möwsümde bäş oýunda eýýäm üç pökgi geçirdi. Geçen möwsümde La Liganyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy boldy (34 oýunda 23 gol). 23-nji sentýabrda “Barselona” bilen “Selta”-nyň duşuşygy geçen Ispaniýanyň Primýer ligasynyň 6-njy tapgyrynyň oýny tamamlandy. Duşuşykda myhmanlar hüjümçi Ýorgen Larseniň salan goly netijesinde 19-njy minutda hasaby açdylar. 76-njy minutda hüjümçi Anastasios Duwikasyň tagallasy bilen öňe saýlandy. Şeýle-de bolsa, bäş minutdan soň Robert Lewandowski bir pökgini yza çekdi. 85-nji minutda polýak oýunçysy goşa pökgi geçirdi we dört minutdan “Barselona”-nyň goragçysy Žoau Kanselu toparyny öňe çykardy. Şeýlelikde, duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 3: 2 hasap bilen tamamlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir