24-29-njy oktýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde “Çodari haýol” ady bilen VII Halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly geçiriler. Bu barada şäheriň “Luhtak” döwlet gurjak teatry habar berdi diýip, “Howar” agentligi belleýär. Bu festiwala GDA-nyň professional gurjak teatrlary hem-de daşary ýurtlardan gurjakçylar gatnaşar. Bu ýyl tomaşaçylar we paýtagtyň myhmanlary Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan has üýtgeşik we täsin oýunlara tomaşa edip bilerler. Festiwalda ilkinji gezek Türkmenistanyň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplary hem çykyş eder. “Festiwalyň esasy maksady teatr-gurjak sungaty pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek, gadymy täjik halkynyň gadymdan gelýän gurjak teatryny gaýtadan dikeltmek we ösdürmek, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň estetiki terbiýesini gowulandyrmak we dünýägaraýşyny giňeltmekdir” – diýip, teatrda bellenilýär. Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň we TR-nyň hökümetiniň goldaw bermeginde 2007-nji ýyldan bäri Döwlet gurjak teatry eýýäm alty sany halkara festiwalyny geçirdi.