Bütindünýä boks geňeşi (WBC) meksikaly Saul Alwares (59-2-2, 39 KO) bilen amerikaly Jermell Çarlonyň (35-1-1, 19 KO) arasyndaky ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrundaky söweşiň ýeňijisi üçin ýörite guşak hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär. Jermell Çarlo 33 ýaşynda. Ol 2007-nji ýylda professional ringde ilkinji gezek çykyş etdi we 2016-njy ýylyň maý aýynda ilkinji gezek dünýä çempiony ady ugrunda göreşdi. Söweşijiniň hasabynda dünýä titullary üçin dokuz söweş bolup, şolaryň ýedisinde ýeňiş gazandy, birinde ýeňildi we bir gezek deňme-deňlik boldy. Alwares – Çarlo söweşi 30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabra geçilýän gije Las-Wegasda bolup, Showtime teleýaýlymyndan PPV-agşamynyň esasy wakasy bolar.