Beýik Britaniýa benzin we dizel hereketlendirijileri bilen işleýän täze awtoulaglaryň satylmagyny gadagan edýän düzgüniň girizilmegini 2035-nji ýyla çenli yza süýşürer diýip, premýer-ministr Rişi Sunak belledi. Sunak Dawning stritde eden çykyşynda: «2035-nji ýyla çenli benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglary satyn alyp bilersiňiz. Şondan soň hem olary ulanylan harytlaryň bazarynda satyn almak we satmak mümkinç bolar» diýip belledi. Onuň çykyşy Britaniýanyň hökümetiniň web sahypasynda ýerleşdirildi. Premýer-ministriň bellemegine görä, häkimiýet zyýanly zyňyndylary azaltmak bilen baglanyşykly «kabul edip bolmajak çykdajylary» britan halkynyň üstüne ýükläp bilmez. Şunuň bilen birlikde, Sunak 2030-njy ýyla çenli satylýan awtoulaglaryň köpüsiniň elektrikli bolmagyna garaşýar.