Leonardo da Winçi tarapyndan işlenip düzülen «agaçlar kanunynda» islendik beýiklikdäki agajyň ähli şahalarynyň galyňlygynyň jeminiň onuň sütüniniň galyňlygyna deňdigini bellenilýär. Bu düzgün ylymda agaçlaryň 3D nusgasyny döretmek we olaryň ýaşaýşyny öwrenmek üçin giňden ulanylýar. Emma Beýik Britaniýanyň Bangor uniwersitetiniň we Şwesiýanyň Oba hojalyk ylymlary uniwersitetiniň (SLU) alymlary bu kanunyň agaçlaryň içki gurluşyny düzgünleşdirýän kanunlara ters gelýändigini anykladylar. Bu barada uniwersitetiň web sahypasynda habar berildi. Da Winçiniň «agaçlar kanuny» agajyň içinde suw daşaýan damar kanallary üçin-de ulanylyp bilner diýlip hasaplanýardy. Aýry-aýry kanallaryň ululyklary şahalar näçe inçe bolsa, şonça hem kiçelýär. Bu kanun metabolik masştablaşdyrma teoriýasynyň bir bölegi hökmünde kabul edildi. Alymlar agaçlaryň içki damar gurluşlaryna ulanylanda bu modeliň dogry däldigini görkezdiler we gözlegleriniň netijelerini «PNAS» žurnalynda çap etdiler. Suwuň we ýokumly maddalaryň agajyň kökünden ýapraklaryň ujuna çenli netijeli geçmegi üçin damar ulgamy «gidrawlik garşylygy» üpjün etmeli bolýar. Bangor we SLU uniwersitetlerinden Ruben Walbuen we Stýuart Sopp gidrawlik garşylygyň netijeli bolmagy üçin «agaçlar kanunynyň» ters gelýändigini hasapladylar. Walbueniň bellemegine görä, «agaçlar kanuny» Leonardo Da Winçiniň meýilleşdirişi ýaly, sungat işgärleri üçin ajaýyp «maslahat» bolup biler, ýöne mikro derejekäki tankytlara garşy durup bilmeýär.