Institusional maýadarlar topary öňdebaryjy ýurtlary klimaty halas etmek we 2050-nji ýyla çenli «ýaşyl» energiýa geçmek üçin umumy bahasy 275 trillion dollar bolan maýa goýumlaryny çekmäge çagyrdy. Häzirki wagtda maýa goýum topary bary-ýogy 11 trillion dollara eýelik edýär, bu ekologiýa maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan serişdeden 25 esse azdyr. Ýangyçlaryň gazylyp alynýan görnüşlerine garaşlylygy ýeňip geçmek we pes uglerodly geljege geçmek üçin iri maýa goýumlary zerurdyr. Hünärmenler gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek üçin ýurtlaryň hökümetleriniň aýgytly we aýdyň wezipeleri işläp düzmelidiklerini belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir