Konferensiýalar ligasynyň birinji tapgyryndaky oýunda Bosniýanyň «Zrinski» topary Niderlandlaryň «AZ» toparyny 4:3 hasabynda ýeňdi. Arakesmeden öň niderlandlylar 3:0 hasabynda üstün gelýärdiler. Ikinji ýarymda «Zrinski» diňe bir hasaby deňlemän, ýeňşi gazanmagy hem başardy. Bu ýaryşyň taryhynda bir toparyň üç pökgi yzda barýarka ýeňiş gazanan ilkinji ýagdaýydyr. «Zrinskiniň» Ýewropanyň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparçalaýyn tapgyrynda ilkinji gezek oýnaýandygyny bellemek gerek. «Zrinski» bilen bu toparçada «AZ-dan» başga-da, Warşawanyň «Legiýa» topary we Birmingemiň «Aston Willasy» çykyş edýär. Konferensiýalar ligasynyň häzirki çempiony Angliýanyň «West Hem» toparydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir