Awstraliýanyň Melburn uniwersitetinde amerikaly estrada aýdymçysy Teýlor Swiftiň döredijiliginiň täsirine bagyşlanan ylmy maslahat geçiriler. Bu barada «CNN» teleýaýlymy habar berýär. Bu çäre «Swiftposium» diýlip atlandyryldy. Ol 2024-nji ýylyň 11 – 13-nji fewraly aralygynda geçiriler we meşhur aýdymçynyň ýurdaky konsert saparynyň günlerine gabat geler. Çäre Awstraliýadaky we Täze Zelandiýadaky ýedi ýokary okuw mekdebiniň alymlary tarapyndan guralar. «Swiftposium» utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat bolup, onda alymlaryň arasynda Swiftiň meşhurlygy we onuň gender, fendom, estrada medeniýeti, edebiýat, ykdysadyýet, aýdym-saz pudagy we beýleki birnäçe meselä täsiri barada tankydy gepleşikler geçiriler» diýlip, «Swiftposiumyň» resmi web sahypasynda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir