Redmi geçen hepde Hytaýda täze Note 13 smartfon tapgyryny hödürledi. Oňa esasy Note 13 modeli, kämilleşdirilen Note 13 Pro wersiýasy we iň ýokary Note 13 Pro+ wersiýasy girýär. Geçen ýyl bolşy ýaly, bu smartfonlaryň global bazarda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Ygtybarly çeşmäniň maglumatlaryna görä, Xiaomi Note 13 Pro modelini global bazarda Poco brendi bilen çykarmagy meýilleşdirýär. Poco smartfonlarynyň köpüsi, aslynda, Redmi smartfonlarynyň ady üýtgedilen wersiýalarydyr. Bu ilkinji Poco F1 modelinden başlap, iň soňky Poco F5 modeline çenli tassyklanýar diýip, ferra.ru belleýär. Häzirki wagtda Redmi Note 13 Pro-nyň Poco hatarynda haýsy at bilen görkeziljekdigi belli däl, ýöne geçenki tendensiýalardan ugur alsaň, bu Poco X seriýasynyň bir bölegi bolar. Ýatlap geçsek, Redmi Note 13 Pro Snapdragon 7s Gen 2 prosessory, 6,67 dýum AMOLED displeýi, 200 Mp esasy kamera we 5100 mA/s akkumulýator bilen üpjün edildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir