Apple kompaniýasy ýakynda täze iPhone 15 smartfonlarynyň satuwyna başlady. World of Statiscis neşiri haýsy ýurtda adamlara 256 GB fleş-ýatly iPhone 15 Pro Max seriýasyny satyn almagyň aňsatdygyny hasaplady. Şeýle ýurt Şweýsariýa bolup, bu ýerde şeýle smartfony satyn almak üçin bary-ýogy 6 gün işlemek ýeterlikdir. Bu barada ixbt.com belleýär. Müsürde Apple-iň muşdaklary häzirki wagtda iPhone 15 Pro Max-y satyn almak üçin öz ortaça zähmet haklarynyň 821%-ini sarp etmeli bolýarlar, ýagny 8 aýdan gowrak wagt işlemeli we şol bir wagtyň özünde zähmet hakyndan ýeke teňňe-de harçlamaly däl. Bu antireýtingde ikinji orny Pakistan eýeleýär, bu ýerde hem şeýle smartfony satyn almak üçin 8 aýdan gowrak wagt işlemeli. Hytaýly ulanyjylar öz zähmet haklarynyň 119%-ini, ýaponiýaly ulanyjylar bolsa, takmynan, ýarysyny sarp etmeli. Amerikaly sarp edijilere smartfony satyn almak üçin zähmet haklarynyň 28%-i, Singapurda – 24%-i, Şweýsariýada – 20%-i gerek bolýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, Russiýada 256 GB fleş-ýatly iPhone 15 Pro Max-y iki ortaça zähmet hakyna satyn alyp bolýar.