WhatsApp-yň işläp düzüjileri 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan millionlarça gurluşda messenjeriň işlemegini bes etjekdigini habar berdiler. Bu programmany götermek üçin Android 5.0 we ondan ýokary binýatly smartfonyň gerek boljakdygy bilen baglanyşyklydyr. Gurluşlary bu talaplara laýyk gelmeýän ulanyjylar WhatsApp-y ulanmagy dowam etdirmek üçin ýa-ha öz smartfonlarynda operasion ulgamy täzelemeli, ýa-da täze gajet satyn almaly. Ýogsam, olar habarlary, şol sanda ses habarlaryny iberip we kabul edip, wideo jaňlaryny amala aşyryp, şeýle-de WhatsApp-yň beýleki hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmezler. Şol wagta çenli WhatsApp-y 4.1 we ondan ýokary wersiýadaky Android operasion sistemasynyň dolandyrmagynda işleýän smartfonlaryň eýeleri ulanyp bilerler. Şeýlelik bilen, 4.1, 4.2, 4.3 we 4.4 bilen bir hatarda birnäçe Android nesli programma elýeterliligi ýitirer. Olaryň umumy sany bolsa bir million ulanyjydan geçýär. Bu gurluşlaryň arasynda Samsung Galaxy Note 2, Samsung Galaxy S2, HTC One we beýlekiler bar. iPhone eýeleri üçin şertler öňküligine galýar – WhatsApp-yň işlemegi üçin olara iOS 12 we ondan täze binýatly smartfon gerek.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir