Hytaýyň Huawei kompaniýasy gysga hereket radiusyna simsiz birleşmek üçin täze NearLink tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu barada ferra.ru habar berýär. Innowasion önüm Wi-Fi bilen Bluetooth-yň artykmaçlyklarynyň birleşmesi bolup, gysga aralyklara maglumatlaryň çalt we energoeffektiw geçirilişini üpjün edýär. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, NearLink-iň kömegi bilen maglumat geçiriş tizligi Bluetooth-yň görkezijilerinden alty esse ýokarydyr, şol bir wagtyň özünde eglenme 30 esse az, energiýa sarp edilişi bolsa 60% pesdir. Şeýle-de, hereket radiusynyň iki esse ýokarydygyny, mümkin bolan tor birikmeleriniň sanynyň bolsa, takmynan, 10 esse köpdügini bellemek gerek. NearLink tehnologiýasy kompaniýanyň iň täze smartfonyna – Mate 60-a eýýäm girizildi. Onuň HarmonyOS operasion ulgamyna, şeýle-de Huawei-niň we onuň hyzmatdaşlarynyň önümlerine goşulmagyna-da garaşylýar. Mundan başga-da, aglabasy Hytaýda ýerleşýän 300-den gowrak kompaniýa bilen işjeň hyzmatdaşyk barada habar berilýär. Ýöne Intel, Qualcomm, AMD we NVIDIA ýaly oýunçylar heniz taslama goşulmadylar.