Ýewropadan we ABŞ-dan halkara alymlar topary, takmynan, 250 mln ýyldan Ýeriň süýdemdirijileriň ýaşamagy üçin ýaramsyz boljakdygyny aýtdy. Munuň sebäbi ähli yklymlaryň birleşip, ýaşaýyş üçin ýaramsyz klimaty bolan bir bitewi super materige öwrülmegi bolar. Gözlegçileriň çaklamalary “Nature” žurnalynda ýerleşdirildi diýip, rbclife.ru belleýär. Bristol uniwersitetiniň işgäri Aleksandr Farnswortyň ýolbaşçylygyndaky geologlar tektoniki işjeňligiň we planetanyň klimatynyň kompýuter modellerini düzdüler. Bu işiň awtorlaryna geljek birnäçe million ýylda planetamyzyň nähili üýtgejekdigini kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Geologlar Ýeriň daşky görnüşiniň düýpgöter üýtgejekdigi – ýedi yklymyň hemmesiniň gözlegçiler tarapyndan Pangeýa Ultima diýlip atlandyrylan täze super materige birleşjekdigi baradaky netijä geldiler. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, täze bitewi yklymda 40-50 gradus temperaturaly has çygly we yssy klimat bolar. Çyglylyk derejesiniň ýokary bolmagy ýagdaýy hasam ýaramazlaşdyrar. “Adamlar we süýdemdirijileriň beýleki görnüşleri şeýle gurşawda ýok bolarlar, sebäbi biz öz bedenimizi kadaly sowadyp bilmeris” – diýip, işiň baş awtory Aleksandr Farnswort belledi. Gözlegçiler täze yklymyň umumy meýdanynyň bary-ýogy 8-16%-iniň adamyň ýaşaýşy üçin ýaramly boljakdygyny belleýärler. Bu ýerler planetanyň polýar sebitlerinde ýerleşer – bu ýerlerde klimat tropiki zolaklardaky häzirki klimat ýaly bolar. Super yklymyň galan ýerleri çöller bolup, olar gury ýeriň 43-49%-ini eýelärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir