Latwiýa Türkmenistan bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Trend habar berýär. Latwiýa Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi: bu howa transporty, howa menzillerini dolandyrmak, awtomobil transportyny ösdürmek we demirýol hereketli düzüminiň tehniki hyzmaty pudagyndaky hyzmatdaşlyk. “Latwiýa port reformasy bilen baglanyşykly meselelerde, şeýle-de howa menzilleriniň işgärlerini taýýarlamak arkaly öz tejribesi bilen paýlaşmaga taýýardyr. Biziň pikirimizçe, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ygtybarly we netijeli ulag geçelgelerini ösdürmek örän möhümdir, şonuň üçin Latwiýa bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy möhüm rol oýnap biler” – diýip, Latwiýanyň DIM-i belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir