Malaýziýada Günorta Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi geçen ýyl çykan Galaxy A04 we Galaxy A04s smartfonlarynyň ornuna geljek täze Galaxy A05 we Galaxy A05s smartfonlaryny hödürledi. Täze smartfonlar brendiň resmi saýtynda eýýäm hödürlendi, ýöne baha we çykyş senesi heniz belli däl diýip, rbclife.ru belleýär. Gurluşlaryň ikisi-de 6,7 dýuým displeýe, 25 Wt kuwwatly çalt zarýad beriş bilen 5000 mA/s sygymly batareýa, şeýle-de 50 Mp esasy kamera eýe boldy. Galaxy A05 modeli 8 Mp, Galaxy A05s bolsa 13 Mp frontal kamera bilen üpjün edildi. Smartfonlaryň arasyndaky tapawut prosessorlarda-da bar: Galaxy A05s Snapdragon 680 çibi, Galaxy A05 bolsa MediaTek Helio G85 bilen işleýär. Şeýle-de, smartfonlar Android 13 operasion sistemasyna esaslanýan OneUI Core programma üpjünçiligi bilen tapawutlanýarlar. Samsung Galaxy A05 gara, açyk ýaşyl we kümüş reňklerde, uly model bolsa bulardan başga-da benewşe reňkde hödürlenýär.