«Çeburaşka 2» filminiň üstünde işlenilip başlandy we ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda prokata çykar. Bu barada RIA Nowosti «Rossiýa» teleýaýlymynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär. Režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň ýolbaşçylygyndaky birinji filmi döreden topar ikinji bölümde hem işlär. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda filmiň ssenarisi we ýerleri saýlamak boýunça işler alnyp barylýar. «Rossiýa» teleýaýlymynyň baş direktory Anton Zlatopolskiniň pikiriçe, üstünlikli çykan birinji filmden soň, Çeburaşkanyň başdan geçirmelerini dowam etdirmezlik tomaşaçylaryň öňünde ýalňyşlyk bolardy. Täze bölümiň sýužeti ilkinji filmdäki wakalardan bir ýyl soň bolup geçer, ýöne Gena bilen ýaşamaga öwrenişen Çeburaşka has garagol bolar we özbaşdak hereket edip başlar. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýaýlyma berlen «Çeburaşka» 6,5 ​​milliard rubldan gowrak serişde toplap, ýurduň içerki prokatynyň taryhynda iň köp girdejili film boldy. Oňa kinoteatrlarda 22 milliondan gowrak tomaşaçy tomaşa etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir