«Skoda» Kwasinydaky zawodynda krossoweriň 3 millionynjy krossowerini çykardy. Ýubileý awtoulagy «Skoda Kodiaq Sportline» boldy diýlip, awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugynda habar berilýär. «2009-njy ýyldan bäri üç million krossower öndürmek biziň toparymyz üçin ajaýyp üstünlik. Bu ädim müşderilerimiziň islegleriniň ösüşini we olaryň isleglerini kanagatlandyrmakda biziň ukyplarymyzy görkezýär. Häzirki wagtda ýerleýän awtoulaglarymyzyň, takmynan, 50%-i krossowerlerdir» diýip, «Skoda Auto» kompaniýasynyň dolandyryş bölüminiň önümçilik we logistika boýunça agzasy Andreas Dik belläp geçdi. 2009-njy ýylda Çehiýanyň awtoulag markasynyň hödürleýän görnüşleriniň hataryna ilkinji krossower – «Skoda Yeti» peýda boldy. «Skoda Kodiaq-yň» ýubileý nusgasy bu modeliň birinji nesline degişlidir. 2016-njy ýylda önümçiligi başlaly bäri, dünýäniň «Skoda» zawodlarynda 841 müňden gowrak «Kodiaq» öndürildi.