Dünýäde nosorog güni bellenilip geçildi. Ol pilden soň gury ýerdäki iň uly süýdemdirijidir. Ululygyna we gorkunç keşbine garamazdan, olaryň käbir görnüşleri ýitip gitmek howpy astyndadyr. Olaryň biri hem demirgazyk ak nosorogdyr bar. Sudan atly iň soňky erkek 2018-nji ýylda Keniýadaky tebigy goraghanada aradan çykdy. Ýer togalagynda diňe iki baş nosorog galdy we olaryň ikisi-de urkaçy. Mundan başga-da, olar nesil galdyryp bilmejek derejede garry. Şonuň üçin alymlar özboluşly synag taýýarlaýarlar. Olar surrogat eneleri emeli tohumlandyrmak arkaly haýwanlary goramak isleýärler. Olaryň wezipesini günorta ak nosoroglar ýerine ýetirerler. Olara iň soňky erkek nosorog ölmezinden ozal alnan we doňdurylan embrionlar ýerleşdiriler.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir