Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Beata Peksany kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow ilçini mähirli mübärekläp, baýramçylyk mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi we hanym Beata Peksany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolandygy bellenildi we şol geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilendigi barada aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen bolan duşuşygynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyny we bu hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Duşuşykda ulag ulgamy, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Duşuşygyň ahyrynda wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Beata Peksa Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Ozal habar berşimiz ýaly, Ýewropa Bileleşiginiň ozalky ilçisi Diego Ruiz Alonso şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlady. Ýewropa Bileleşigi 2019-njy ýylda Aşgabatda öz ilçihanasyny açypdy. Diego Ruiz Alonso 2020-nji ýylyň fewral aýynda bu abraýly halkara giramanyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenilipdi. Magtlumat hökmünde ýatlatsak, hanym Beata Peksa Polşanyň Warşawa uniwersitetini žurnalistika hünäri boýunça tamamlady. Şeýle-de Ýewropanyň integrasiýasy we amaly sosial psihalogiýa ugurlaryndan bilim aldy. Diplomat B.Peksa döwlet işine 1991-nji ýylda gelip, ol täze döredilen Milli howpsuzlyk býurosynda zähmet ýoluna başlady. 1996-njy ýyldan bäri Polşanyň Daşary işler ministrliginde dürli wezipelerde işledi. Ol NATO we ÝB bölümleriniň ýurt boýunça başlygy boldy we 1999-njy ýylda NATO-nyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 2002 – 2007-nji ýyllr aralygynda Polşa Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň başlygyny orunbasary bolup iş alyp bardy. 2008-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň Brýuselde ýerleşýän Howpsuzlyk syýasaty komitetinde Polşanyň ynanylan wekili wezipesine bellenilýär. 2013-2014-nji ýyllar aralygynda Gündogar hyzmatdaşlygy ministrliginiň doly ygtyýarly wekili, 2016-njy ýylda bolsa şol ministrligiň howpsuzlyk syýasaty bölüminiň müdiri, şeýle-de NATO sammitini guramak boýunça Warşawanyň jogapkär wekili hökmünde işleýär. 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2020-nji ýylyň mart aýyna çenli bolsa Polşanyň Yrakdaky ilçisi wezipesinde işledi. 2012-nji ýylda «Kümüş haç» baýragyna mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir