Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzer «CLAAS» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň baş baýramy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzere minnetdarlyk bildirip, onuň şu saparynyň we meýilleşdirilen gepleşikleriň netijeleriniň «CLAAS» kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky işini giňeltmäge w Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen tarapynyň germaniýaly hyzmatdaşlaryň geljekki hyzmatdaşlyk babatda tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy. Duşuşugyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy Katrina Klaas-Mýulhoýzer netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir