Prezident Serdar Berdimuhamedow «Cifal» kompaniýasynyň prezidenti Žil Remini kabul etdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, işewür wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi. Žil Remi baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolmagyň uly kanagatlanma duýgusyny döredýändigini belläp, Fransiýanyň we tutuş Ýewropanyň işewür toparlarynyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandyklaryny nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekleýändigine şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutany işewüriň Aşgabada şu saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigini hem-de Türkmenistanyň Fransiýanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen «Cifal» kompaniýasynyň Türkmenistanyň öňden gelýän dostudygyny kanagatlanma bilen aýdyp, soňky döwürde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny hem-de iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde özara ynanyşmagyň ýola goýlandygyny belledi. Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, häzirki döwürde fransuz kompaniýalarynyň birnäçesi «Cifal» bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda Türkmenistanda gurluşyk, nebitgaz toplumy, awiasiýa ulgamy ýaly ugurlarda üstünlikli işleýärler. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, suw tygşytlaýjy we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak ulgamynda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Türkmen tarapynyň fransuz kompaniýalarynyň gazananlaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi we fransuz hyzmatdaşlarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy. Ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Žil Remi kompaniýanyň öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk eýerjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de bildirýän ynamy üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, Türkmenistanyň we türkmen halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir