Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna we ähli türkmenistanlylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ol «CLAAS» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny we ýola goýlan işewür gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň şu saparynyň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine hem-de «CLAAS» kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky işine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasynda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigi tassyklanyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda indi köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy german kompaniýalarynyň ençemesiniň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Şolaryň hatarynda oba hojalyk tehnikalarynyň iri öndürijileriniň biri bolan «CLAAS» kompaniýasynyň hem bardygy, bütin dünýäde belli bu kompaniýanyň ýokary tehnologiýaly traktorlarynyň we kombaýnlarynyň Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini gowy tarapdan görkezendigi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda «CLAAS» kompaniýasynyň okuw merkeziniň açylandygy, Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda bolsa ýörite okuw otagynyň hereket edýändigi bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik hem-de uzak möhletlilik ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir