Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adynda Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Gutlagda german Lideri iki ýurduň arasynda ýola goýlan köp ugurly hyzmatdaşlyk boýunça Berlinde geçiriljek sammitiň dowamynda maslahatlaşyljakdygyny belläp, şeýle diýýär – Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda we jemgyýetçilik düzümleri boýunça gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň hyzmatdaşy hökmünde, ýurduňyzyň ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we demokratik ösüş ýoluny geljekde hem goldar. Şu we beýleki meseleler boýunça Berlinde boljak Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki duşuşygynda has giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Germaniýanyň Prezidenti hatyny Türkmenistanyň Prezidentine we ýakynlaryna, şeýle-de türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollaýandygyny mälim etmek bilen tamamlaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir