Düýn Türkmenistanyň baş baýramy bolan Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Baýramçylyk dabaralary, adatça bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň Milli Garaşsyzlyk seýilgähinde ýygnanyp başlamaklary bilen başlandy. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, hormatly Prezident dabaraly ýagdaýda binanyň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Halk Maslahatyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr daşary ýurtly myhmanlar, talyplar, hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary gül goýmak dabarasyny dowam etdirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir