Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Gutlag hatynda şu ýylyň maý aýynda «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň barşynda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösüşiniň, Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly meýilnamasynyň bilelikde ara alnyp maslahatlaşylandygy, şeýle hem hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge kuwwatly itergi berlendigi bellenilýär. «Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we Siziň bilen bilelikde asyrlara uzaýan dostluk, hoşniýetlilik, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda hytaý we türkmen halklarynyň bitewi röwşen geljegini gurmak ugrunda tagallalary birleşdirmäge taýýardyryn» diýip, Si Szinpin dostlukly Türkmenistana gülläp ösüş we berkararlyk, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw etmek bilen gutlag hatyny jemleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir