Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy milli baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär. «Siziň ýurduňyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri hemmelere mälimdir. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasaty Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar» diýip, W.Putin gutlag hatynda belleýär. Şeýle-de RF-iň döwlet Baştutany Russiýanyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtaýar. «Biziň bilelikde ähli ugurlarda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy, halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygymyzy dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdürjekdigimize pugta ynanýaryn» diýip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw etmek bilen gutlag hatyny jemleýär. Победы на Красной площади. Видео

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir