Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi hanym B.Peksa Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, türkmenistanlylary gutlady. Ilçini gutlagy ÝB-niň Türkmenistandaky edarasynyň sosial ulgamlarynda ýerleşdirildi. Gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär: – Şu gün Türkmenistan öz taryhynda möhüm wakany, ýagny Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny belleýär. Bu möhüm günde men Ýewropa Bileleşiginiň wekili hökmünde, Türkmenistanyň Hökümetini we ähli raýatlaryny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň bitarap, ýöne işjeň agzasy hökmünde ýoluny dowam etdirjekdigine berk ynanylýar. Ýewropa Bileleşigi hem, Türkmenistan hem halkara hukugyna hormat goýmak, halkara gatnaşyklarynda güýç ulanmazlyk we halklaryň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyny, döwletleriň özygtyýarlyk, çäk bitewülik hukuklaryny goramak ýörelgelerinden ugur alýar. Bu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýäris. Geçen döwrüň içinde ÝB köp sanly hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny we türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirdi. Ýewropa Bileleşigi sebit we halkara meselelerde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga doly ygrarly. Biziň umumy maksadymyz ýurtlarymyzyň ösüşini çaltlaşdyrmak, demokratiýalaşmagy goldamak we ähli raýatlarymyzyň peýdasyna adam hukuklaryny goramakdan ybaratdyr. Men ähli türkmenistanlylara abadançylyk we üstünlik arzuw edýärin. Garaşsyzlyk günüňiz gutly bolsun!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir