ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady. ABŞ-nyň Hökümetiniň resmi sahypasynda ýerleşdirilen gutlagda, şeýle sözler bar: – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň halkyny 27-nji sentýabrda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýaryn. Amerikanyň Birleşen Ştatlary oňyn bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan Türkmenistanyň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýýar. Geçen ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyryldy. Şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 32 ýyl dolýar. Biz gatnaşyklarymyzyň esasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge, sebit howpsuzlygyny berkitmäge hem-de adam hukuklaryny gormaga aýratyn ähmiýet berdik. Türkmenistan bilen dostlugymyz bilim, medeni alyş-çalyş, taryhy mirasy gorap saklamak ýaly güýçli köp ugurly ylalaşyklarda öz beýanyny tapdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ösmegi netijesinde, ýakyn ýyllarda iki ýurduň halkynyň hasam ýakynlaşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Türkmenistana parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir