Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminamada bellenilişi ýaly, harby gullukçylar degişli sylaglar bilen hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watana, merdana türkmen halkyna köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri üçin hem-de çeken halal we göreldeli zähmeti, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli sylaglandylar. Şeýle-de şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.