Şu gün Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda, döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabaralary boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, harby gullukçylar sylaglary buýsanç bilen kabul edip, Watana hemişelik wepadarlygyň, türkmenistanlylaryň asuda durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Döwlet tugunyň öňünde kasam etdiler. Sylaglara mynasyp bolan, harby we ýörite atlary, hünär derejelerini alan harby gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de döwletiň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň, hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir