Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze ilatly ýerleriň döredilendigini göz öňünde tutup, etrabyň ýaşaýjylarynyň haýyşlaryny we Ahal welaýat häkimliginiň towakganamasyny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şu gün «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynda: 1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döredilen täze ilatly ýerlere oba derejesini bermelidigi we Köpetdag geňeşliginiň çäginde döredilen oba Köpetdagyň ýalkymy adyny, Owadandepe geňeşliginiň çäginde döredilen oba Nurly zaman adyny dakmalydygy hem-de mundan beýläk olary, degişlilikde, «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasy» we «Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasy» diýip atlandyrmalydygy; 2. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň edara ediş merkezini Köpetdagyň ýalkymy obasyna geçirmelidigi; 3. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň edara ediş merkezini Nurly zaman obasyna geçirmelidigi; 4. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ahal welaýat häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň Köpetdagyň ýalkymy obasynyň hem-de Owadandepe geňeşliginiň Nurly zaman obasynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmelidigi; 5. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmelidigi bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir