Şu gün, döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini alamatlandyrýan täze binalar açylyp ulanmaga berildi. Içeri işler edaralarynyň harby gullukçylary üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp ulanmaga berilmegi şanly Garaşsyzlyk baýramyna ajaýyp sowgat boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin täze döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda içeri işler edaralarynyň işgärleriniň şatlygyny has artdyrdy. Ulanmaga berlen 4 sany täze ýaşaýyş jaýlary 4 gatly bolup, olaryň ikisi 16 öýden, beýleki ikisi 24 öýden ybaratdyr. Jaýyň açylyş dabarasyna Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň ýolbaşçylary, içeri işler edaralarynyň weteranlary, il sylagly ýaşululardyr eneler, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabarada Içeri işler ministrliginiň aýdym-saz toparynyň, şeýle-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň aýdym-saz we tans toparynyň çykyşlaryna uly orun berildi. Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Ýaşaýyş jaýlaryndan öý almak bagty nesip edenlere açarlaryň gowşurylmagy dabaranyň iň täsirli pursatlaryna beslendi. Dabara gatnaşyjylar täze jaýlarda döredilen döwrebap şertler, amatlyklar bilen tanyşdylar we öý eýelerine gutlaglaryny aýtdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir