Şu gün Türkmenistanyň Içeri işler ministrligiň welaýat Polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu täze binalaryň açylyş dabaralary ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda içeri işler edaralarynyň işgärleri, şeýle-de awtoulaglaryň sürüjileri üçin hem ajaýyp sowgat boldy. Has takygy, Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Kaka etrabynyň polisiýa bölüminiň, Balkan welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Esenguly etrabynyň polisiýa bölüminiň, Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Dänew we Darganata etraplarynyň polisiýa bölümleriniň, Mary welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ýolöten etrabynyň polisiýa bölüminiň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu binalaryň gurluşyk işleri TIIM-niň Gurluşyk birleşigi tarapyndan ýerine ýetirildi. Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir