Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldamagynda Hindistan Respublikasyna iş sapary başlandy. «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy jarnamanyň 75 ýyllygyna we milli adam hukuklary edaralaryň we Pariž ýörelgeleriniň 30 ýyllygyna bagyşlanan Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň 28-nji ýyllyk umumy ýygnagynyň we konferensiýanyň işine gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň ýurtda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda toplanan tejribe hakynda, şol sanda APF bilen bilelikde amala aşyrylan işler barada çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Habarda bellenilişi ýaly, her ýylda geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany forumy – bu APF-niň agzalarynyň we geňeşçileriniň duşuşygy bolmak bilen, ýyllyk edilen işlere, ýetilen sepgitlere seljerme geçirmäge mümkinçilik berýär. Forumyň maksatnamasy guramanyň saýlawly wezipelerine saýlawlary geçirmegi, guramanyň ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça syýasatyny kabul etmegi, ýyllyk audit barlaglarynyň geçirilişini tassyklamagy öz içine alýar.