«Mega Teknik» dükany sanitariýa enjamlarynyň we hammam otagy üçin esbaplaryň meşhur öndürijisi bolan Eýranyň «Chini Cord» kompaniýasynyň önümleriniň gelip gowşandygyny habar berýär. Satyn alyjylar dürli şekilleri we gurnama usullary bolan rakowinalary we unitazlary elýeterli bahadan saýlap alyp bilerler. «Chini Cord» çydamlylygy we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan ýokary hilli materiallardan santehnika enjamlaryny we esbaplaryny öndürýär. Aşgabadyň içine harytlary eltip bermek hyzmaty 24 sagadyň dowamynda mugt amala aşyrylýar, şeýle-de olary beýleki welaýatlara ibermek hem mümkindir. Ýatlatsak, Türkiýäniň «Mega Teknik» haryt nyşanynyň Türkmenistandaky resmi wekili dürli santehnika önümlerinden başga-da, hammam otaglary üçin mebelleriň, girelge gapylarynyň we ş.m. satuwyny amala aşyrýar. Dükanyň hödürleýän harytlary bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz: Aşgabat, halkalaýyn awtoýol, «Aýdyn mekan» söwda merkezi, Gümrük terminalynyň golaýy. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 62) 82 41 08 we (+993 65) 67 62 43. Dükanyň Balkanabatdaky şahamçasy: 6-njy ýaşaýyş toplumy, Söwda merkeziniň binasy. habarlaşmak üçin telefon: (+993 64) 82 90 20. Şeýle-de okaň: «Mega Teknik» brendiniň dükanyna Türkiýede öndürilen girelge gapylarynyň täze tapgyry geldi «Mega Teknik» dükany türk öndürijileriniň suw akdyryjy krantlarynyň (smesitelleriniň) täze tapgyrynyň gelip gowşandygyny habar berýär

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir