Şu ýylyň geçen sekiz aýynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 15 milliard 402,3 million manada barabar boldy. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň hasabyna emele geldi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Degişli döwürde welaýatdaky senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndysyny goşmak bilen) 4216,8 million manada barabar boldy. Habarda bellenilişi ýaly, şol harytlyk önümleriň umumy möçberiniň 72 göterimi ýurduň daşyna iberildi. Hasabat döwründe sarp ediş harytlarynyň jemi öndürilişi 3 milliard 735,8 million manada ýetdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir