Awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň we harytlarynyň internet-dükany «Ýakyndar» Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ykjam programma arkaly söwda etmegiň dürli görnüşli artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy teklip edýär. Web nusgasyndan başga-da, «Ýakyndar» dükanynyň şeýle funksiýalar we mümkinçilikler toplumy bolan ykjam programmasy bar. Programmadaky ähli harytlar bölümlere bölünýär, şonuň üçin gerek bolan harydy tapmak we sargyt etmek kynçylyk döretmeýär. Ykjam programma «Google Play-da» we «App Store-da» ýükläp almak üçin elýeterlidir. Mundan başga-da, işiniň netijeliligini we ulanyjylar üçin amatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ykjam programma ýakynda täzelendi. Dükanyň hödürleýän harytlarynyň hatarynda awtoulaglary bejermek we tehniki taýdan hyzmat etmek üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň, diskleriň we tekerleriň, duruzyş (tormoz) kolodkalarynyň, akkumulýatorlaryň, şeýle hem awtoulaglar üçin himiki serişdeleriň (tormoz suwuklygy, antifriz, arassalaýjy serişdeler we ş.m.) dürli görnüşleri bar. «Ýakyndar» saýtynda we ykjam programmasynda satyn alnan harytlar üçin tölegleri nagt görnüşinde, terminalyň üsti bilen bank karty arkaly, şeýle hem hasapdan hasaba geçirmek we onlaýn görnüşinde tölemek mümkindir. «Ýakyndarda» 2000 manatlyk ýa-da ondan köp mukdarda haryt satyn alnanda 3-den 15 aý aralygynda garaşaryna töleg meýilnamasyny resmileşdirmek mümkindir. Harydy möhletlere bölüp tölemek arkaly satyn almak üçin zerur bolan resminamalar we şertler baradaky maglumatlary aşakda görkezilen telefon belgilerine jaň edip alyp bilersiňiz. 2023-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan 22-nji noýabry aralygynda «Ýakyndar» onlaýn dükany öz müşderileri üçin aksiýa geçirýär: «Ýakyndar» ykjam programmasy arkaly 300 manatlyk ýa-da ondan köp mukdarda haryt sargyt edilende, brend futbolka we awtoulagyň salony üçin arassalaýjy serişde sowgat berilýär. Şeýle hem «Ýakyndar» dükany awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlary we beýleki harytlary bilen üpjün edijileri özara bähbitli şertlerde hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. «Ýakyndar» internet-dükanynyň wekilleri bilen (+993 62) 76 55 59 we (+993 12) 75 36 53 telefon belgileri ýa-da sales@yakyndar.com.tm elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir