Amerikanyň Awtorlar gildiýasy we meşhur ýazyjylaryň 17-si, şol sanda Jorj Martin, Jon Grişem, Jonatan Franzen we Jodi Pikolt neýroulgamyň işinden nägilelik bildirip, kazyýete ýüz tutdular. Olar emeli aňy awtorlyk hukugyny bozmakda we özleriniň ornuna eser ýazmakda aýyplaýarlar. Talap arzasynyň möçberi her bir eser üçin 150 müň dollara deňdir diýip, «MIR 24» ýazýar. Nýu-Ýorkuň Günorta okrug kazyýetine berlen arzada ýazyjylar neýroulgamy özlerinden birugsat ýa-da habardar etmesiz awtorlyk hukugy tarapyndan goralan materiallary internetde ýerleşdirmekde aýyplaýarlar. Şeýle hereketler çeper eserleri döredijileriň işine we durmuşyna howp salýar. Ýazyjylaryň pikiriçe, neýroulgam olaryň eserlerine esaslanýan ýazgylary öndürýär, bu bolsa edebiýat bazaryna uly möçberde ýitgi getirýär. Sebäbi şeýle iş emeli aň tarapyndan ýazylan pes hilli galp eserleriň döremegine hem-de adamlar tarapyndan ýazylan kitaplaryň çäginiň daralmagyna getirýär. Talap hatynda interneti peýdalanyjylaryň biriniň neýroulgama Jorj Martiniň «Buzuň we alawyň aýdymy» atly meşhur romanlar tapgyrynyň dowamyny ýazdyryp, internetde goýandygy görkezilýär. Şeýle bikanun işler asyl nusgadaky eserleri döreden awtorlarda nägilelik döredýär. Ýazyjylar her bir eser üçin 150 müň dollar möçberindäki öweztöleginden ötri, neýroulgama awtorlyk hukugy tarapyndan goralan eserleri ulanmagy gadagan etmegi talap edýärler.