Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Kremliň Metbugat gullugynyň habaryna görä, telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli gutlady. Taraplar çuňňur strategik hyzmatdaşlyk esasynda türkmen-rus gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putinden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty hem gelip gowuşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir