Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy. Bu barada TDH habar berýär. Söhbetdeşligiň dowamynda Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa saglyk, bagt, Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösmegi hem-de türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan köpugurly we jogapkär döwlet işlerinde üstünlik arzuw etd. Prezident Serdar Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk giň gerim bilen ösüp, hil taýdan täze derejä çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir