Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Farhod Rahimi GDA agza ýurtlaryň Kosmos boýunça döwletara geňeşiniň 2024-nji ýyl üçin başlyklygyna bellendi. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Habarda GDA agza döwletleriň kosmos giňişliklerini parahatçylyk maksatlary üçin öwrenmek we peýdalanmak boýunça barlaglar ulgamynda bilelikdäki işi hakynda ylalaşygyň güýje girýändigi bellenýär, bu ugurdaky resminama 2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Astanada gol çekilipdi. Resminama Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň kosmos barlaglaryny alyp barmak, Ýeri aralykdan zond arkaly barlamak boýunça milli ulgamlary döretmek, GLONASS nawigasion tehnologiýalaryny ösdürmek we peýdalanmak ugrunda intellektual, ylmy hem-de önümçilik mümkinçiliklerini birleşdirer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir