Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlary iberýänler bu şatlykly sene mynasybetli mübärekläp, türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan giň gerimli döwlet işlerinde uly rowaçlyklary arzuw edýärler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna şeýle mazmundaky ilkinji gutlag hatlary Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryndan hem gelip gowuşdy. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlag hatlarynda doganlyk ýurtlaryň Prezidentleri türkmen kärdeşine iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler. — Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Doglan günüňiz mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Biz Sizi türkmen halkynyň hormat-sarpasyna mynasyp bolan döwlet we syýasy işgär, hakyky watançy, öz Watanynyň wepaly ogly hökmünde tanaýarys. Soňky ýyllarda Siziň baştutanlygyňyzda halkyňyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak işi dowam etdirilýär, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy has-da belende galýar. Biziň dostlukly gatnaşyklarymyz, ýokary derejedäki duşuşyklarymyz we yzygiderli dialog arkaly iki ýakyn goňşy ýurduň strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de yzygiderli we netijeli ösdürip biljekdigiňize ynanýaryn. Durmuşyňyzyň şu şatlykly we ýatdan çykmajak gününde Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlamak hem-de Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, abadançylyk, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iberen gutlag hatynda ýazýar. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew: — Häzirki döwürde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasynda asylly dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary derejedäki işjeň syýasy dialogyň mundan beýläk-de gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň berk esasy bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn. Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin! — diýip, gutlag hatynda belleýär. — Men iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy şerti hökmünde ýokary derejedäki özara ynanyşmak ýagdaýyndaky täjik-türkmen dialogyna uly ähmiýet berýärin. Golaýda Duşenbe şäherinde geçirilen çärelere Siziň işjeň gatnaşmagyňyza bu ösüşiň okgunly bolmagyny üpjün etmek boýunça biziň hemişelik bilelikdäki tagallalarymyzyň nobatdaky subutnamasy hökmünde baha berýärin. Täjigistan bilen Türkmenistanyň özara gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň jana-jan bähbitlerine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn — diýip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon iberen gutlag hatynda ýazýar. — Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň ösüş ýolunda täze üstünlikleri gazanjakdygyna hem-de halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmak işinde öňünde goýan maksatlaryna ýetjekdigine berk ynanýaryn. Halklarymyzyň düýpli bähbitlerini ilerletmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarymyzyň, şeýle hem aramyzda ýola goýlan dostluk we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň netijesinde gyrgyz-türkmen strategik hyzmatdaşlygy işjeň ilerledilýär — diýlip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowdan gelen hatda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir